Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «AMAKids» akademiýasy mental arifmetika okuwlaryna 20% arzanladyş teklip edýär

15:4327.02.2023
0
26963
Aşgabatdaky «AMAKids» akademiýasy mental arifmetika okuwlaryna 20% arzanladyş teklip edýär
Surat: ru.freepik.com

«AMAKids» intellekti ösdürmek akademiýasy 6-16 ýaş aralygyndaky çagalary mental arifmetika sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar. Bellige alnan ähli okuwçylar üçin 20% arzanladyş göz öňünde tutulýar.

Mental arifmetika sapaklary ähli esasy arifmetiki amallary – goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek, şol sanda köp belgili sanlaryň gatnaşygyny aňsatlyk bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu okuw logiki pikirlenmäni, ýokary tizlikde maglumatlary gaýtadan işlemek endiklerini, şeýle hem çaganyň döredijilik meýillerini ösdürmäge kömek edýär.

Mental arifmetikanyň esasy – abakus hasaplamalary bilen işlemekdir. Okuwçylar, ilki bilen, abakus ulanyp hasaplamagy öwrenýärler, soňra bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan hasaplamak endiklerini özleşdirýärler.

Ähli sapaklar häzirki zaman interaktiw tehnologiýalaryň peýdalanylmagy esasynda geçirilýär: patentlenen onlaýn-platformalar we AR tehnologiýalary, wideo, ses, prezentasiýalar ulanylýar, bu bolsa bilim we başarnyklary öwrenmek prosesini özüne çekiji we ýatda galyjy etmäge mümkinçilik berýär. Sapaklary ýokary hünär derejeli tälimçiler geçýärler.

Sapaklar 10 adamdan ybarat kiçi toparlarda geçirilýär.

Çagaňyzy okuwlara ýazdyrmak üçin (+993 62) 52 56 38 we (+993 63) 63 91 92 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň