Arhiw

ÝHHG-niň synçylar topary Türkmenistana geldi

10:0316.03.2023
0
28244
ÝHHG-niň synçylar topary Türkmenistana geldi
Surat: osce.org

15-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň binasynda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin Aşgabada gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça edarasynyň toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini nygtadylar, saýlawlary guramak boýunça tejribe alyşmak, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýändigine üns çekildi.

Myhmanlar Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de umuman ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä milli we türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça çagyrylan halkara synçylaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça edarasynyň toparynyň gatnaşmagy saýlawlaryň kanunçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda geçirilmegine ýardam berer. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni Aşgabatda we welaýatlarda saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny beýan etmek bilen merkezi saýlaw toparynyň wekilleri aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirilýän saýlawlaryň çäreleriniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin zerur şertleriň dörediljekdigine ynandyrdylar.

Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň toparynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Toparyň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasy boýunça birnäçe ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň