Turkmenportal logo
16.03.23
3036330363
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellendi
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellendiSurat: nation.com.pk

Fransiýanyň paýtagtynda Nowruz baýramyny belläp başladylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Baharyň gelmegi bilen bagly köp dürli milletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda çäre geçirildi. Oňa 10 ýurduň wekilleri gatnaşdylar.


Dabaranyň guramaçylary milli tagamlary hödürlediler, däp bolan milli egin-eşiklerini, gap-gaçlaryny görkezdiler, halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.


Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, ýer ýüzünde Nowruz baýramyny 300 million adam belleýär. Ýurtlaryň köpüsinde bu milli baýramdyr. 2010-njy ýylda bolsa Nowruz halkara baýramy derejesine eýe boldy.