Turkmenportal logo
13.03.23
2006320063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň futbol ýygyndysyna Amir Galenoi baş tälimçi bellenildi
Eýranyň futbol ýygyndysyna Amir Galenoi baş tälimçi bellenildi

59 ýaşly Amir Galenoi Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada TASS habar berýär.


Täze baş tälimçi bilen 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy tamamlanýança şertnama baglaşyldy. Galenoi mundan ozal milli ýygynda 2006 ― 2008-nji ýyllar aralygynda tälim beripdi.


Eýranyň ýygyndysyna ozal portugaliýaly Karluş Keýruş tälim berýärdi, ýöne Katardaky dünýä çempionaty tamamlanansoň, onuň bilen baglaşylan şertnama ýatyryldy.


Eýranyň ýygyndysy 23-nji martda Tähran şäherinde Russiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.