Soňky habarlar

Arhiw

Smartfonyň işini tizleşdirmegiň usullary agzaldy

10:4213.03.2023
0
22687
Smartfonyň işini tizleşdirmegiň usullary agzaldy
Surat: google.com

Eger smartfonyň ýady yzygiderli arassalap durulsa, ol has çalt işlär. Bu barada Russiýanyň «Megafon» kompaniýasynyň işgäri Aleksandr Jakoniýanyň sözlerine salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Hünärmen munuň üçin enjamyň sazlama bölümindäki keşleri her aýda arassalamagy maslahat berip: «Telefonyň sazlamasyndaky we brauzerdäki keşleri arassalamak ýeterlikdir, netijede boş ýadyň möçberi artar» diýdi.

Enjamyň işiniň tizligine şeýle hem onda gurnalan priloženiýalar täsir edýär, munuň üçin awtotäzeleýşi öçürmek we priloženiýalary ulanylandan soňra ýapmak gerek diýip, hünärmen belleýär.

Içki ýady arassalamak üçin foto we wideofaýllary «bulut» ulgamyna ýa-da kompýutere geçirmek gerek. Eger bu-da kömek etmese, onda möhüm maglumatlary beýleki saklawhanalara geçirip, sazlamalary zawod sazlamalaryna çenli aýyrmak gerek.

«Bu enjamyň ýadyny doly arassalar» diýip, hünärmen aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň