Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly taekwondoçylar Merkezi Aziýanyň birinji çempionatyna gatnaşar

14:4311.03.2023
0
40130

Taekwondonyň ITF görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatyna gatnaşar. Ýaryş 16 ― 19-njy mart aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Özbegistan Respublikasynda boljak türkmen toparyna 17 adam wekilçilik eder. Şolaryň 13-si türgenlerdir. 2-si bolsa bu türgenleri ýaryşa taýýarlan tälimçiler bolar. Şeýle hem türkmen wekiliýetine eminleriň ikisi agzalyk edýär. Olar ýaryşyň dartgynly duşuşyklarynyň adalatly çözülmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Taekwondo ITF boýunça Merkezi Aziýanyň birinji çempionaty Halkara Taekwondo federasiýasynyň, Aziýanyň Taekwondo federasiýasynyň hem-de Merkezi Aziýanyň Taekwondo federasiýasynyň howandarlygynda geçer.

Ýaryşa türkmen türgenlerinden başga-da, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan hem-de ýer eýelerinden wekiller gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň