Soňky habarlar

Arhiw

Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy

11:3210.03.2023
0
33856
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Surat: nbcnews.com

Amerikan işewüri, milliarder Ilon Mask öz şäherini gurmakçy bolýar, bu barada «The Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Gurluşyk işleri golaýda telekeçiniň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäheriniň eteginde satyn alan ýerinde başlanar.

Şäher, Maskyň we onuň kompaniýasynyň işgärleriniň suratlandyrmagyna görä, Kolorado derýasynyň ýakasynda ýerleşer, ol ýerde Maskyň işgärleri işläp hem dynç alyp bilerler. Şäher işewüriň ol ýerde gurulýan «SpaceX» we «Boring Company» kompaniýalarynyň binalary bilen utgaşyklykda bina ediler. Ol ýerde eýýäm modul öýler toplumy, howuz, açyk meýdandaky sport zolagy we türgenleşik zaly bar.

Tehas ştatynyň kanunçylygyna görä, täze şäheri resmi bellige aldyrmak onuň ilat sanynyň 201-den geçýän ýaşaýjysy bolan wagtynda mümkindir. Emma ştatyň edarasy häzir Maskdan bu babatda degişli ýüztutma almandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň