Turkmenportal logo
09.03.23
3401834018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan 2024-nji ýylyň aýagyna çenli nebitiň çykarylyşyny artdyrmakçy
Surat: kt.kz

Gazagystan nebitiň gazylyp alnyşyny öňdäki ýylyň aýagyna çenli gije-gündizde 2 million barrele çenli artdyrmakçy, bu barada ýurduň energetika ministri Bulat Akçulakow aýtdy diýip, «Russian.rt.com» ýazýar.


Ministr bu barada ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde «CERAWeek» halkara energetika maslahatynda habar berdi. Akçulakow Gazagystandaky Tengiz ýatagyndan 40 million tonna nebit çykaryp bolljakdygyny sözüniň üstüne goşdy, häzir ol ýerde gazyp alnyşy artdyrmak işleri dowam edýär.