Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açylar, Hytaý awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny dikelder, Türkiýede ejir çekenler üçin Türkmenistandan 8 tonna golaý ynsanperwer kömegi iberildi we beýleki habarlar

10:5904.03.2023
0
56696

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasy açylar. Resmi açylyş dabarasy üçin Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen Türkmenistana geler. Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasy 10 ýyllyň dowamynda wagtlaýyn gurluşa eýe bolupdy, indi bolsa hemişelik diplomatik missiýa öwrüler. Soňky ýyllarda Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasynda saglygy goraýyş we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça uly ösüş gazanyldy.

2. «China Southern Airlines» hytaý awiakompaniýasy Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda göni dowamly howa gatnawlaryny dikeldýär. Ilkinji ýolagçy uçuşy 2023-nji ýylyň 28-nji martynda meýilleşdirilýär. Uçuşlaryň hepdede bir gezek – sişenbe güni amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 19-njy martdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça dowamly howa gatnawlaryny dikelder.

3. Ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyry Aşgabatdan Türkiýä iberildi. Şu hepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan Türkiýäniň ilçihanasynyň utgaşdyrmagynda lukmançylyk maksatly enjamlardan, gyş eşiklerinden, aýakgaplardan we düşeklerden ybarat 8 tonnalyk ynsanperwer kömegi ýüklenen ýük ulagy iberildi.

4. Ýazyň gelmegi bilen «Deňiz söwda floty» Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça awtoulag daşamalary üçin arzanladyş yglan etdi. Arzanladyş bilen bir tarapa daşamagyň bahasy $1000 bolar, iki ugur üçin töleg geçirilse, daşamagyň bahasy $1600 ybarat bolar. Nyrhlaryň arzanladylmagy Hazaryň üsti bilen Azerbaýjana tarap awtoulaglary daşamak üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Ozal Baku – Türkmenbaşy – Baku ugry boýunça awtoulag daşamalary üçin şeýle nyrhlar Azerbaýjanyň «ASCO» gämiçilik kompaniýasy tarapyndan girizilipdi.

5. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky süýt önümlerini öndürýän «Sahabatly» kärhanasy peýnirleriň täze görnüşleriniň önümçiliginiň üstünde işleýär. Hojalyk jemgyýetiniň wekiliniň bellemegine görä, şu ýylyň ortalarynda täze önümler peýda bolar. Häzirki wagtda «Sahabatly» «Paýtagt» we «Dilim» ady bilen iki görnüşli peýnir öndürýär. Şeýle hem kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda süýt, kefir, aýran, süzme, gaýmak, dorag (tworog) ýaly süýt önümleriniň onlarça görnüşi bar.

Dünýäde

6. Ýaponiýanyň geogiňişlik maglumatlary müdirligi sanly kartalaşdyryş işlerini geçirdi we 7000 sany täze adany ýüze çykardy. 1987-nji ýyldan bäri Ýaponiýada resmi taýdan 6 852 ada bar diýlip hasap edilýärdi, soňky maglumatlar bolsa bu görkezijini 14125 ada çenli artdyrdy. Hünärmenler Ýaponiýanyň eýeleýän çäginiň umumy meýdanynyň üýtgemeýändigini belleýärler, çünki adalaryň ösüşi geodeziýanyň we kartalary detallaşdyrmagyň tehnologiýasynyň gazananlary bilen baglanyşyklydyr.

7. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde Zähmet migrantlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň lukmançylyk ätiýaçlandyryşynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasy özara ylalaşyldy. Taslama Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäginde zähmet migrantlary üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny girizmegi göz öňünde tutýar. Kanunyň taslama kabul edilen ýagdaýynda Russiýada işleýän GDA ýurtlaryndan gelen migrantlaryň ähli görnüşli lukmançylyk kömegini alyp bilmekleri üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryşy giriziler.

Sport habarlary

8. Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçysy Teýmur Çaryýewiň toparyň düzümine geçendigini habar berdi. Fewral aýyndan bäri Çaryýew gyrgyz toparynda synagda bolupdy. Ol toparyň Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň häzirki çempionydyr we AFK Kubogy ugrundaky nobatdaky çempionata gatnaşar. 22 ýaşly Çaryýew «Energetigiň» düzüminde sag tarapdaky goragçy hökmünde Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edipdi.

9. Russiýanyň küşt federasiýasy resmi taýdan Ýewropa küşt bileleşiginden Aziýa küşt federasiýasyna geçdi. Bu karar Abu-Dabide Aziýa küşt federasiýasynyň Kontinental mejlisinde kabul edildi.

10. «Seriýa A-da» öňdäki orunda barýan «Napoli» Italiýanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň duşuşygynda öz meýdançasynda «Lasiodan» utuldy. «Diýego Armando Maradona» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 0:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 67-nji minudynda Matias Wesino tapawutlanmagy başardy. «Napoli» «Seriýa A-daky» yzygiderli sekiz oýunlyk ýeňişli tapgyryny tamamlady, emma Luçano Spallettiniň topary 65 utuk bilen bäsleşigiň sanawynda öňdäki ornuny saklamagyny dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň