Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasy açylar

11:2903.03.2023
0
36876
Türkmenistanda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasy açylar
Surat: ria.ru

Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen ýakyn wagtda Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasyny resmi taýdan açmak bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Ysraýylyň Tel-Awiwde ýerleşýän «i24News» halkara teleýaýlymy habar berýär

Bellenilişi ýaly, mundan on ýyl töweregi ozal iki döwletiň arasyndaky oňyn gatnaşyklary göz öňünde tutup, Ysraýyl Aşgabatda wagtlaýyn gurluşa eýe bolan wagtlaýyn ilçihanasyny açypdy. Indi bolsa ol hemişelik diplomatik wekilhana öwrüler.

Şol döwür içinde Türkmenistanyň hem-de Ysraýylyň ýokary wezipeli wekilleri birek-biregiň ýurtlaryna baryp, syýasat, ykdysadyýet we energetika hyzmatdaşlygy boýunça özara geňeşmeleri geçirdiler, käbir resminamalara gol çekişdiler. Hususan-da, soňky döwürde iki ýurduň arasynda saglyk we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, «i24News» habar berýär.

Ysraýylyň daşary işler ministri «Israel Hayom» neşiri bilen guralan söhbetdeşlikde Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň tutuş sebit bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

— Ýurtlaryň arasynda, hususan-da, saglygy goraýyş we kiber goranyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdireris — diýip, daşary işler ministri aýtdy. Onuň bellemegine görä, ilçihananyň binasynyň açylyş dabarasy Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Bu waka iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji fewralda Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan bölüminiň başlygy Ýuwal Fuksak Aşgabada sapar bilen geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerde syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň