Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen peýnir öndürijisi «Sahabatly» önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär

10:0003.03.2023
0
33541

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Sahabatly» süýt önümçiligi kärhanasy peýnirleriň täze görnüşleriniň önümçiliginiň üstünde işleýär. Hojalyk jemgyýetiniň wekiliniň bellemegine görä, şu ýylyň ortalarynda täze önümler peýda bolar.

«Sahabatly» häzirki wagtda «Paýtagt» we «Dilim» ady bilen iki görnüşli peýnir öndürýär. Şeýle hem kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda süýt, kefir, aýran, süzme, gaýmak, dorag (tworog) ýaly süýt önümleriniň onlarça görnüşi bar.

«Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda ýurduň dükanlaryna täze süýt önümlerini ýerlemek boýunça iş alyp barýandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, «Sahabatlynyň» çäkleriniň bir bölegi maldarçylyk toplumy üçin bölünip berlendir, bu ýerde 455 baş iri şahly mal we 517 baş ownuk mal ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalygy ot-iým bilen üpjün etmek maksady bilen, mekgejöwen, raps, ýorunja we tritikal ösdürip ýetişdirmek üçin 600 gektar ýer bölünip berildi.

«Sahabatly» HJ işgärleriniň egin-eşik üpjünçiligini dogry saýlamaga hem uly üns berýär. Kärhana zähmet talaplaryna laýyk gelýän rahat we ygtybarly iş lybaslaryny tikmegi «Sarayan» HJ-ne ynanýar.

«Sahabatly» HJ bilen habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 17 44 34.

Bellik: habar aksiýa esasynda ýerleşdirildi – «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat (reklama) gazanyň.

Читайте также:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň