Turkmenportal logo
02.03.23
2205722057
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bola Tinubu Nigeriýanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Surat: thenewsnigeria.com.ng

Nigeriýanyň dolandyryjy «Ähli progressiw güýçleriň Kongresi» partiýasyndan dalaşgär Bola Tinubu ýurtda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu barada BBC habar berýär.


Saýlawlarda 70 ýaşly syýasatçy sesleriň 37 göterimini aldy, onuň esasy bäsdeşi bolan Halk-demokratik partiýadan Atiku Abubakar sesleriň 29 göterimini, leýboristler partiýasyndan Piter Obi sesleriň 25 göterimini aldy. Tinubu öňki Prezident Muhammedu Buharini çalşar. Nigeriýada Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň 18-si bäsleşdi.


Nigeriýa dünýäde nebiti eksport ediji iri ýurtlaryň biridir.