Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» bilen BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm resminama gol çekildi

10:4228.02.2023
0
40148

27-nji fewralda «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna» gol çekildi. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan habar berildi.

Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurtda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler kämilleşdiriler. Munuň bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň