Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bakuda «Obadan şähere» atly ýarmarka açyldy

11:2027.02.2023
0
22901
Bakuda «Obadan şähere» atly ýarmarka açyldy
Surat: google.com

Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Baku şäherinde «Obadan şähere» ýarmarkasy işe başlady diýip, «MIR 24» habar berýär. Oňa ýurduň sebitleriniň 56-syndan fermerlerdir oba hojalykçylar öz önümleri bilen geldiler.

Pisse, badam, grek hozlary Azerbaýjanyň milli süýjülikleriniň esasy düzüm bölekleridir. Nowruz baýramynda paýtagtyň ýaşaýjylary olary şu ýarmarkada satyn alýarlar. Harytlaryň hili-de gowy.

«Menden satyn alsaňyz, hili barada biynjalyk bolmazsyňyz. Ählisini özüm ýetişdirdim, kakatdym. Ine, süýji garaly, turşujasy-da bar. Hatda süýji keselliler üçin kakadylan miwelerimem bar» diýip, satyjy Nijat Mamedow gürrüň berýär.

Bu ýerde daýhanlar harytlaryny özleri-de satýarlar, şonuň üçin baha-da bazardakydan kän arzan.

«Men bärik hozdur miwe satyn almak üçin geldim, dükanlarda bahalar gymmat, bärde iki esse arzan. Köp satyn alsaň, fermerler has arzan berýärler» diýip, Jawid Azimow gürrüň berýär.

Ýarmarkanyň guraýjylary şeýle çäreleriň fermerlere öz harytlaryny ýerlemekde we paýtagtyň ýaşaýjylaryny ter hem-de ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde oňat mümkinçilikdigini aýdýarlar.

«Ýarmarka fermerler üçin mugt. Olar söwda nokatlary üçin kärende tölemeýärler, olara harytlaryny daşamakda hem saklamakda ýardam berýäris. Şonuň üçin önümleriň bahasy-da gaty arzan» diýip, Azerbaýjanyň Oba hojalyk ministrliginiň işgäri Galib Bahramow aýdýar.

Önümleriň hili oňat barlagdan geçirilýär, munuň üçin Azyk howpsuzlygy agentliginiň göçme laboratoriýasy jogap berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň