Soňky habarlar

Arhiw

UFC-niň ýolbaşçysy: «Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasynda haklaşyk tutluşygy geçiriler»

10:2027.02.2023
0
25662
UFC-niň ýolbaşçysy: «Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasynda haklaşyk tutluşygy geçiriler»
Surat: Getty Images

Ultimate Fighting Championship promouşeniniň ýolbaşçysy Deýn Uaýt russiýaly Islam Mahaçew bilen awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiniň arasynda haklaşyk tutluşygy geçirmekligiň mümkinçilikleri barada pikir bildirdi.

«Tutuş dünýä bu tutluşyk barada gürrüň we jedel edýärkä, ondan gowy näme bolup biler?! Emma häzir Ýair Rodriges wagtlaýyn çempion boldy we ol indiki söweşini Wolkanowskä garşy geçirer. Göreliň, kim Islam bilen söweşerkä. Şondan soň, ýagny iki türgen hem ýene bir gezek söweşeninden soňra, biz haklaşyk tutluşygyny gurnarys» diýip, Uaýt UFCVegas 70-iň metbugat konferensiýasynda belläp geçdi.

Mahaçkalaly söweşiji Islam Mahaçew häzir 31 ýaşynda. Ol 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda braziliýaly Çarlz Oliweýrany wagtyndan öň ýeňlişe sezewar edip, UFC-niň çempiony boldy. Mahaçew UFC-de jemi 14 tutluşyk geçirip, 13 ýeňiş gazandy we 1 gezek ýeňildi.

12-nji fewralda Mahaçew awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskini ýeňip, çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady.

Ýeri gelende ýatlatsak, 12-nji fewralda UFC 284 söweş agşamynyň çäginde geçirilen şol tutluşykda Mahaçew eminleriň biragyzdan çykaran kararlaryna görä ýeňiji bolupdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň