Türkmenistanyň üç institutynda halkara olimpiadalar geçiriler

22:2624.02.2023
0
44808

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow hasabatynyň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda, şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp:

  • 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça ikinji halkara Açyk internet olimpiadasyny;
  • 27-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça ikinji Açyk halkara olimpiadasyny;
  • 12-13-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça ikinji halkara internet olimpiadasyny geçirmek teklip edilýär.

Meýilleşdirilýän halkara internet olimpiadalaryna Türkmenistanyň talyplary bilen bir hatarda, Ýewraziýa döwletlerinden, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinden onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylym-bilim ulgamynda baý tejribe toplamaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere bellenilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň