Hindi asylly telekeçi Wiwek Ramaswami ABŞ-da geçjek Prezident saýlawlaryna Respublikaçylar partiýasy tarapyndan dalaşgärlik etmekçidigini «Fox News» teleýaýlymynda habar berdi.
«Men şu gün Birleşen Ştatlaryň Prezidentligine dalaşgärlik etmekçidigimi buýsanç bilen habar berýärin» diýip, 37 ýaşly Ramaswami «Tucker Carlson Tonight» gepleşiginde aýtdy.
Öň ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi we Günorta Karolinanyň öňki gubernatory Nikki Heýli hem Respublikaçylar partiýasyndan ýurduň Prezidentligine dalaşgärligini yglan edipdi.
Prezident saýlawlarynda gatnaşmakdan öň Ramaswami we Heýli geljek ýylyň ýanwarynda başlanjak Respublikaçylar partiýasynyň içerki saýlawlarynda ýeňiş gazanmalydyr.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçmeli.