Soňky habarlar

Arhiw

«Thales Alenia Space» Türkmenistanda kosmos senagaty üçin okuw sapaklaryny guramagy teklip etdi

13:5923.02.2023
0
39840

«Thales Alenia Space» fransuz-italýan kompaniýasy Türkmenistanda kosmos senagaty üçin inženerleriň we operatorlaryň okuw sapaklaryny guramaga taýyndygyny mälim etdi.

Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleri — eksport boýunça wise-prezidenti Erik Imbertiň hem-de Ýewraziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Kristof Lanowskiniň arasynda geçirilen duşuşykdan soň habar berildi.

«Thales Alenia Space» — bu «Thales» bilen «Leonardo»-nyň bilelikdäki kärhanasy bolup durýar. Kompaniýa hemra ulgamlary boýunça Ýewropanyň öňdebaryjylaryndan biridir: kosmos aragatnaşygy, Ýeriň uzak aralykdan barlanmagy (zondlanmagy), nawigasiýa we ylym ulgamynda öňdebaryjy çözgütleri hödürleýär.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň bilelikde ilkinji türkmen emeli hemrasy bolan «Türkmen Älemiň» döredilmeginde üstünlikli özara tejribe toplandygy bellärliklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň