Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Thales Alenia Space» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

13:2923.02.2023
0
52053

Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleri — eksport boýunça wise-prezidenti Erik Imbertiň hem-de Ýewraziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Kristof Lanowskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we dürli işewürlik teklipleri bilen çykyş etdiler diýlip, agentligiň metbugat gullugy tarapyndan «Türkmenportala» habar berildi.

Gepleşiklerde Türkmenistan bilen «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň bilelikde ilkinji türkmen emeli hemrasy bolan «Türkmen Älemiň» döredilmeginde üstünlikli özara tejribe toplandygy nygtaldy. Duşuşykda möhüm ugurlaryň hatarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda üstümizdäki ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek «TürkmenTel-2023» halkara sergisine we ylmy maslahatyna «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygy habar berildi.

Şeýle hem kompaniýanyň wekilleri ýurtda kosmos senagatynyň depginli ösmegi üçin Türkmenistanda inženerleriň we operatorlaryň okuw kurslaryny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň