Türkmenistan bilen Bahreýn deňiz ulagy pudagynda şertnama baglaşdy

12:3723.02.2023
0
37059

Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň hökümetleri deňiz ulag pudagynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu barada «Bahrain News» habar berdi.

Habar berilmegine görä, resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de Bahreýniň Ulag we Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasynda gämi gatnawyny we söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýän sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Umuman alanyňda, gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 11 sanysyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň