Soňky habarlar

Arhiw

19-njy fewralda AFK Çempionlar ligasynyň «Günbatar» zolagynda 1/8 final tapgyry badalga aldy.

09:1620.02.2023
0
21006

AFK Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Nasaf» «Al-Şababdan» ýeňildi

Günüň deslapky gapma-garşylygynda Kataryň «Al-Duhail» kluby ildeşi «Al-Raýýany» oýundan soňky 11 metrlik urgularda (1:1, penaltiler boýunça 7:6) ýeňlişe sezewar etdi.

Düýn geçirilen ikinji oýunda «Nasaf» BAE-niň «Al-Şabab» kluby bilen güýç synanyşyp, 2:0 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.

AFK Çempionlar ligasynyň «Günbatar» zolagyndaky pleý-off tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen):

  • 20.02.2023, 23:00: «Al-Faýsali» — «Fulad»
  • 20.02.2023, 23:00: «Al-Hilal» — «Al-Ahli Dubaý».

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde final oýny iki duşuşykdan ybarat bolar. Bir ýyl mundan ozal başlanan ýaryşyň ýeňijisi 2023-nji ýylyň baharynyň ahyrynda kesgitleniler. Final oýunlary 2023-nji ýylyň 29-njy aprel hem-de 6-njy maý senelerinde bolup geçer. Finalyň deslapky oýny «Günbatar» zolagyň wekiliniň, jogap duşuşygy bolsa «Gündogar» zolagyň wekiliniň öýünde geçiriler.

Häzire çenli ýaryşyň bir finalçysy eýýäm belli boldy. Ol Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» topary.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň