AFK-nyň Çempionar ligasynyň ilkinji finalçysy belli boldy

08:0026.08.2022
0
1793

Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» kluby 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde Koreýa Respublikasynyň «Çonbuk Hýonde Motors» toparyny ýeňip, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy üçin ilkinji ýollanmany aldy.

Ýaponiýanyň «Saýtama 2002» stadionynda geçirilen ýarym final duşuşygynyň esasy we goşmaça wagty 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýapon topary garşydaşyny 4:3 hasabynda ýeňdi.

«Urawa Red Daýmonds» final duşuşygyny «Günbatar» sebitiň ýeňijisi bilen geçirer. Goňşy sebitde 1/8 final duşuşyklary 2023-nji ýylyň 3-nji ýa-da 4-nji fewralynda, çärýek finallar 7-nji, ýarym final duşuşygy 10-njy fewralda geçiriler.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finaly 19-njy we 26-njy fewralda geçiriljek iki duşuşykdan ybarat bolar. «Urawa Red Daýmonds» finaldaky ilkinji duşuşygyny myhmançylykda geçirmeli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň