Turkmenportal logo
16.02.23
3254532545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Lego» dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy

«Lego» oýnawaçlaryny öndüriji kompaniýa dünýäde geçen ýylyň jemleri boýunça dokuzynjy ýyl iň gymmatbaha brend diýlip yglan edildi, muňa «Brand Finance» konsalting kompaniýasynyň reýtingi güwä geçýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.


Bu söwda nyşanynyň bahasy bir ýylda 24 göterim artyp, 7,44 milliard dollara deň boldy.


Geçen ýyl 1993-nji ýylda döredilen «Magic: The Gathering» kompaniýasy nyrh babatda 2,3 esse ösüş depginini görkezdi, bu iň ýokary ösüşdir diýlip, habarda aýdylýar.