Turkmenportal logo
13.02.23
1926419264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky 11-nji goluny geçirdi
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky 11-nji goluny geçirdi

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda HK23 toparynyň derwezesinden pökgi geçirdi.


Has takygy, oňa 88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanmak tabşyryldy. Ol bu urgyny dürs ýerine ýetirdi. Ruslan Mingazowyň başdan-aýaga oýunda galan duşuşygy 8:0 hasabynda «Kitçiniň» ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde, Mingazow Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sanyny 11-e çykardy. Ol ýerli çempionatda gollarynyň sany boýunça çernogoriýaly topardaşy Deýan Damýanowiçden soň ikinji orunda barýar.


30 utukly «Kitçi» ýaryşyň başyny çekýär.