Soňky habarlar

Arhiw

«Real» Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi

19:1212.02.2023
0
39473
«Real» Klublaryň arasyndaky dünýä çempiony bolup, kuboklarynyň sanyny 100-e ýetirdi
Surat: ESPN

Ispaniýanyň «Real» kluby Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Karlo Ançelottiden tälim alýan topar öz taryhynda bäşinji gezek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kubogyna eýe çykyp, bu ugurdaky rekordy täzeledi. Madridlileriň ýarymgoragçysy Toni Kroos bolsa Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altynjy gezek çempion bolan ilkinji oýunça öwrüldi. Ol bu baýraga bäş gezek «Realyň», bir gezek bolsa «Bawariýanyň» düzüminde mynasyp boldy. Mundan başga-da, ispan klubynyň hüjümçisi Karim Benzema hem nobatdaky üstünlik arkaly toparyň düzüminde gazanan titullarynyň sanyny 25-e ýetirip, «Realyň» lybasynda iň köp kubok gazanan oýunçy hökmünde taryha girdi.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň çempionlygy «Real» üçin umumylykda alnanda 100-nji kubok boldy. Şol kuboklaryň 31-si Florentino Peresiň topara ýolbaşçylyk eden döwründe gazanyldy. Şunlukda, Peres klubyň ýolbaşçylygynda iň köp kubok gazanmak boýunça Santýago Bernabeudan öňe geçip, bu ugurda ýeke-täk lidere öwrüldi.

Maglumat üçin, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň 2023-nji ýyldaky aýgytlaýjy duşuşygynda sekiz gol urlup, ol ýaryşyň iň köp gol urlan finaly hökmünde taryha girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň