Turkmenportal logo
12.02.23
5137751377
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi
«Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Begenç Seýdyllaýewiç Atagulyýewi «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklandy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklandy.


Bular barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.