Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri mähirli garşylady.
Metjit bilen tanyşlygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowa metjitde ýazylan, elde dokalan uly haly hem-de metjitde oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berildi. Umumy meýdany 22 müň inedördül metre deň bolan metjidiň dört burçunda beýikligi 107 metre ýetýän 4 sany minara bar.
Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, doga-dilegler etdi.
— Bilşimiz ýaly, bu metjit — dünýäniň iň uly metjitleriniň biri. Metjit Allanyň öýi hasaplanýar. Şonuň ýaly-da ýagşy adamlary hatyralamak, öten-geçenleriň sarpasyny tutmak biziň halklarymyzyň asylly däbidir.
Elbetde, adam ömrüniň uzynlygy ýaşalan ýaşlar bilen, onuň many-mazmuny bolsa bitirilen işler bilen ölçenilýär. Beýik işleri bitirenler hakydada hemişelik galýar. Maňa hem Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan bilen bir saçagyň başynda oturmak nesip edipdi. Biz ony hemişe ýagşylykda ýatlaýarys. Şondan soňra dostlukly ýurda parasatly baştutanlyk eden Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem uzak ýyllaryň dowamynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny sakladyk. Onuň ýurdumyza eden ýagşylyklary, haýyr işleri hiç wagt unudylmaz. Ýagty ýadygärligi häzirki we geljek nesilleriň kalbynda ebedilik galar.
Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Serdarymyz hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň tagallalary bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Biz muňa tüýs ýürekden guwanýarys — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow metjit bilen tanyşlygyň barşynda Şeýh Zaýed metjidine mukaddes Gurhan kitabyny, namazlygy sowgat berdi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri hem-de maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitap sowgat berildi. Ol kitapda Şeýh Zaýed metjidine-de uly orun berlipdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat berlen bu kitabyň Ahal welaýatynyň ýakynda düýbi tutulan baş metjidinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.