Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy

21:5911.02.2023
0
48740
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy
Surat: wam.ae

Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň ilkinji gününde, ilki bilen, Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly metjitleriň biri hasaplanýan Şeýh Zaýed metjidine baryp, ol ýerde aýat-töwir okady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

BAE-niň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna we onuň çäklerindäki duşuşyklara ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de giňeltmek babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasaty hem-de halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli oňyn başlangyçlary dolulygyna goldanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine bu ýurda gelmek baradaky çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana aýalynyň ejesiniň aradan çykandygy zerarly gynanç bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýa, ýol-üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämi gurluşygy, ýokary tehnologiýa ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine goşmaça itergi berdi.

Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BAE-niň Prezidenti hoşlaşanlarynda birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň