Turkmenportal logo
10.02.23
7402174021
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýmyrat Annamämmedow senagat we gurluşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi
Baýmyrat Annamämmedow senagat we gurluşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.


Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany degişli Permana gol çekip, Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, bu wezipä senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow bellenildi.