Soňky habarlar

Arhiw

Lawrow Sudana bardy

10:5610.02.2023
0
26666
Lawrow Sudana bardy
Surat: vk.com

Düýn Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iş sapary bilen Sudana bardy diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Sapar wagtynda Lawrow sudanly kärdeşi Ali As-Sadek, Sudanyň Ýokary Geňeşiniň başlygy Abdelfettah Burhan we onuň orunbasary Muhammed Daglo bilen gepleşikleri geçirer.

RF-niň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşiklerde rus-sudan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Ýakyn Gündogarda we Afrika yklymynda kynçylykly ýagdaýlar boýunça syýasy-diplomatik çözgütleriň gözlegine ünsi çekmek bilen, işjeň halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalar bolar.

Sudan Lawrowyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça dowam edýän saparlarynyň jemleýji bölegidir, mundan öň ol Yraga, Malä we Mawritaniýa bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň