9-njy fewralda Gazagystanyň Türküstan welaýatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentiniň palatalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Mundan başga-da Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji Parlamentara forumyna Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Wekilleriniň palatasynyň başlygy Mahmatdoir Zokirzoda we Gazagystanyň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew gatnaşýar.
Gazagystanyň Senatynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebitde ýeke-täk ruhy we medeni giňişligi ösdürmegiň möhüm meselelerini hem-de parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de forumyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda sebitiň ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň öňünde durýan wezipeler, umumy taryha we medeni mirasa esaslanýan medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji Parlamentara forumynyň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de Merkezi Aziýanyň ýeke-täk medeni we taryhy giňişligini emele getirmäge gönükdirilen parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek Türküstan Jarnamasy kabul ediler.
Forum 10-njy fewralda öz işini tamamlar.