Turkmenportal logo
08.02.23
4340043400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy sanly parlament kitaphanasyny dörederler.


Bu barada şenbe güni Döwlet Dumasynyň GDA meseleleri, Ýewraziýa integrasiýasy we watandaşlar bilen gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Kalaşnikow mälim etdi.


Habar berlişi ýaly, maglumat alyşmak üçin sanly parlament kitaphanasyny döretmek Türkmenistana saparynyň dowamynda rus wekiliýeti tarapyndan teklip edildi.


«Biz kanunçylyk pudagyndaky islendik maglumatlary çalt alyş-çalyş etmek ýa-da öz çäklerinde ulanmak, bu kanun taslamalaryny, Dumamyzda kabul edilen kanunlary üýtgetmek üçin sanly formatda şeýle parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdik. Şeýle hem, muňa gaty uly gyzyklanma bildirilýändigini gördük» diýip, Kalaşnikow «MIR 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.