Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy

11:4308.02.2023
0
51177

«Los-Anjeles Leýkersiň» hüjümçisi Lebron Jeýms Karim Abdul-Jabbaryň rekordyny täzeledi we Milli basketbol birleşiginiň (NBA) taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Bu barada «Lenta.ru» habar berýär.

Öz ýerinde «Oklahoma-Siti Tander» bilen geçirilen duşuşygyň üçünji çärýeginiň soňky minutynda Jeýms 38 müň 390 utuklyk netijä ýetmegi başardy. Şeýlelikde, ol «Leýkersiň» öňki oýunçysy Karim Abdul-Jabbaryň (38 müň 387 utuk) rekordyny täzeledi.

Los-Anjelesdäki duşuşyk 133:130 hasabynda tamamlandy. Jeýmsiň rekord goýmak ähtimallygy sebäpli, duşuşygyň petekleriniň bahalary ABŞ-nyň 100 müň dollaryna çenli ýetdi.

Lebron Jeýms NBA-nyň dört gezek çempionydyr. ABŞ-nyň ýygyndy toparynyň düzüminde basketbolçy 2008 we 2012-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň