2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäniň 308 sany tehnologiýa kompaniýasy 95 müň 508 sany işgärini işden boşatdy diýip, «Layoffs.fyi» portalyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär.
Bu görkeziji ýanwaryň başyndakydan üç esseden hem köpdür.
Maglumatlar tehnologik pudakda işgärleriň azaldylmagynyň 2022-nji ýylyň görkezijisinden görnetin köpdügini görkezýär. Geçen tutuş ýyl IT-kompaniýalar 154 müň 336 işgäri boşatdy.
Şu hepdede işgärlerini azaltmakçydygyny yglan edilen tehnologiki kompaniýalaryň hataryna kompýuter tehnikasyny öndüriji «Dell Technologies Inc.» hem goşuldy, kompaniýa işgärler düzüminiň 5 göterime golaýyny azaltmakçy.
Şeýle-de «PayPal Holdings Inc.» tölegi operatory (2 müň işgär ýa-da 7 göterim), «International Business Machines Corp.» kompýuter hyzmatlaryny üpjün edijisi hem-de kärhanalary dolandyrmak üçin programma üpjünçiligini öndüriji «SAP SE» german kompaniýasy-da işgärlerini azaltmakçydygyny habar berdiler.
Ýylyň başynda «Google» gözleg ulgamynyň eýesi «Alphabet Inc.» holding kompaniýasy bütin dünýäde 12 müň işgärini, «Intel Corp.» ýüzlerçe, «Microsoft Corp.» 10 müň töweregi işgärini kemeltmekçidigini yglan etdi.
«Layoffs.fyi» portaly San-Fransiskoda işewür Rojer Li tarapyndan koronawirus döwründe işgärleriň azaldylmagyny yzarlamak maksady bilen döredildi.