«Halk marketde» doňdurylan ir-iýmiş önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär

09:2507.02.2023
0
31282

«Halk market» dükanlar zynjyrynyň supermarketleri alyjylara ýerli we daşary ýurtlardan getirilen ýokary hilli doňdurylan ir-iýmişleriň hem-de miweleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.

«Halk marketde» Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýakyndan tanyş we olar üçin adaty bolan doňdurylan zirk hem-de itburun, erik, ülje, ýertudanasy, smorodina, şeýle hem Russiýadan malina we oblepiha, mundan başga-da, papaýa, mango, žimolost, ananas ýaly ekzotik miweleri we ir-iýmişleri hem-de birnäçe miwelerden assortileri satyn almak mümkindir.

Ir-iýmişleriň we miweleriň peýdaly häsiýetlerini saklap galmaklary üçin şok bilen doňdurmak usuly peýdalanylýar, ol peýdaly witaminleriň we mikroelementleriň, şeýle hem harydyň daşky görnüşiniň ýokary derejede saklanyp galmagyna mümkinçilik berýär. Doňdurylan ir-iýmişleri we miweleri kompotlar, çörek önümleri we süýjülikler üçin peýdalanmak, şeýle hem doňdurylan görnüşinde iýmit hökmünde kabul etmek mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň