Soňky habarlar

Arhiw

Arnold Şwarsenegger awtoulag heläkçiliginde welosiped sürüjisini ýaralady

10:0006.02.2023
0
33132

Golliwudyň ýyldyzy we Kaliforniýanyň ozalky gubernatory Arnold Şwarsenegger Los-Anjelesde ulagly barýan wagty welosipedli zenany kakdy. Bu barada «Izwestiýa» habar berýär.

Hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň aýtmagyna görä, welosiped sürüp barýan zenan welosipedini Şwaseneggeriň ulagynyň öňünde çepe öwrendigini, şonuň üçin hem aktýoryň awtoulagynyň tizligini gowşatmak mümkinçiliginiň ýokdugyny haba berdiler. Heläkçilige uçran zenan hassahana eltildi we onuň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy bellenilýär.

Şwarsenegger awtoulag hadysasyna sezewar bolan zenanyň welosipedini abatlamak üçin ussahana alyp gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň