Soňky habarlar

Arhiw

Hindistandan Gazagystana barýan ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer

19:3004.02.2023
0
41863

Hindistandan Gazagystana barýan konteýner otlusy Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Bu barada Gazagystanyň «Железнодорожник Казахстана» neşiri habar berýär.

Künji tohumy ýüklenen konteýnerler Hindistanyň Mundra portundan Arap deňziniň üsti bilen Eýranyň Bandar Abbas portuna deňiz arkaly iberildi.

Mundan başga-da, iberilen ýük demir ýol arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Almaty (Gazagystan) şäherine barar.

Jemi syýahat wagty 20 günden gowrak bolar.

Ýük daşalmasy Gazagystan — Türkmenistan — Eýran geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň çäginde amala aşyrylýar.

Hindistandan Gazagystana ak künji ibermek, Gazagystanyň transport we logistika kompaniýasy «KTZ Express»-iň Türkiýedäki wekilhanasy tarapyndan guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň