Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň raýaty arap lotereýasynda million dollar utdy

12:4304.02.2023
0
33988
Täjigistanyň raýaty arap lotereýasynda million dollar utdy
Surat: news.ru

Täjigistanyň raýaty «Dubai Duty Free Millennium Millionaire» lotereýa oýnunda bir million amerikan dollaryny utdy diýip, «News.ru» saýty Dubaýyň aeroportunyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Abduwali Ahmadali diýen täjik heniz özüniň utuşyndan bihabar, ony lotereýa oýnunyň guramaçylary baýragy gowşurmak üçin gözleýärler.

Ahmadali meşhur arap lotereýasynyň Dubaýyň halkara aeroportunyň ikinji terminalynda oýnalan 413-nji tiražynda utdy. Ol 4226 belgili utuşly petegi 16-njy ýanwarda internetiň üsti bilen satyn alypdyr.

Täjigistanlydan başga-da bu gezekki lotereýa oýnunda Şri-Lankanyň raýaty Ýasas Nalin Patirana «BMW R nineT Pure» motosikletini, Hindistanyň raýaty Amite Sarafe «Mercedes Benz S500» awtoulagyny utupdyr.

«Dubai Duty Free Millennium Millionaire» lotereýasy 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň