Garagum derýasynyň durky täzeleniler we kenary berkidiler

23:2103.02.2023
0
47542

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, olaryň zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary we beýleki serişdeler bilen üpjün edilmeginiň ekinlere ideg etmek bilen baglanyşykly agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.

— Şonuň ýaly-da suw hojalygynyň ýagdaýyny seljerip, derýalary we akabalary gözden geçirip, zerur bolsa, olarda arassalaýyş we düýbüni çuňaltmak işlerini geçirmek wajypdyr — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň