Türkmenistanda Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalar gurlar

22:3103.02.2023
0
44349

Bu barada 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurduň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem wise-premýere Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegi, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň