Soňky habarlar

Arhiw

«Reala» kyn günler garaşýar

17:2103.02.2023
0
26998
 «Reala» kyn günler garaşýar
Surat: isport.ua

«Real» La Liganyň soňa süýşürilen oýnunda Asensionyň we Žunioryň şedewr gollary bilen «Walensiýany» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýöne bu ýeňiş Karlo Ançelottiden tälim alýan topar üçin gaty gymmada düşdi diýip bileris. Çünki bu gapma-garşylykda «korollyk gwardiýasynyň» esasy hüjümçisi Karim Benzema we esasy goragçysy Eder Militao şikes aldy. Gyşky transfer möwsüminde düzümi güýçlendirmek üçin hiç hili transfer etmedik «Realyň» 2-nji fewraldan 2-nji marta çenli 9 oýun (olaryň birinjisi düýn «Walensiýa» bilen geçirildi) geçirmelidigini göz öňünde tutsak, bu topara kyn günleriň garaşýandygyna göz ýetirmek bolýar. Has hem, bu gorkunç biraýlygyň ahyrynda «Reala» aldym-berdimli göreşler garaşýar. Has takygy, «Real» 21-nji ferwalda «Liwerpul» (ÝÇL, myhmançylykda), 26-njy fewralda «Atletiko» (La Liga, öz öýünde) we 2-nji martda «Barselona» (Ispaniýanyň Şa Kubogy, öz öýünde) bilen güýç synanyşmaly bolar.

Yzly-yzyna oýnalmaly duşuşyklar bilen bir hatarda, oýunçylaryň şikesleri hem «Real» üçin goşmaça kynçylyk döredýär. «Walensiýa» bilen oýundan ozal klubyň lazaretinde Dawid Alaba, Tçuameni, Waskes ýaly oýunçylar bolan bolsa, düýn olaryň hataryna Benzemadyr Militao hem goşuldy. Şulary hasaba alsaň, «Real» üçin fewral aýynyň örän agyr geçjekdigini öňünden çaklamak bolar. Toparyň bu synaglara näderejede taýýardygyny bolsa öňdäki oýunlar görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň