Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyna goşuldy

15:3202.02.2023
0
25115
Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyna goşuldy
Surat: oilgas.gov.tm

«Rönesans Endüstri Tesisleri» Türkmenistanda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada «Bloomberg HT» habarlar agentligi habar berdi diýip, «Oilgas» ýazýar.

«Rönesans Holding» Merkezi Aziýada taslamany durmuşa geçirmek hakynda deslapky ylalaşygy geçen ýylyň 22-nji dekabrynda Tokioda geçirilen 14-nji Türkmen-ýapon ykdysady maslahatynda maslahatlaşdy. Çäre Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de «Itochu Corporation»-yň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygynda geçdi. Oňa türkmen hökümetiniň wekilleri, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi we sebitde taslamalary durmuşa geçirýän türk we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

«Rönesans» bilen bir hatarda ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, «Kawasaki Heavy Industries» we «Itochu Cooperation» gol çekdi.

Ahal welaýatynda Owadandepede Tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça birinji zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Kawasaki Heavy Industries» ýapon kompaniýasynyň we «Rönesans» türk gurluşyk holdinginiň konsorsiumy bilen ABŞ-nyň 1,7 mlrd dollarlyk şertnama gol çekmegi esasynda guruldy. Döwrebap senagat toplumy 2019-njy ýylyň iýunynda ulanyşa girizildi.

1,7 mlrd dollar bahasy bolan zawod her ýylda 1,785 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän EKO-93 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Bu toplum «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň