Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberdi

11:2831.01.2023
0
46118

2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberildi. Bu barada «Rosselhoznadzoryň» resmi web sahypasynda habar berildi.

Habarda «Rosselhoznadzoryň» ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Moskwa sebitine getirilen 5 müň tonna täze pomidoryň karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrandygy aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Russiýany pomidor bilen esasy üpjün ediji bolup durýar we türkmen kärhanalary bu ugurdaky eksportyň möçberini ýylyň-ýylyna artdyrýarlar.

Russiýa Federasiýasynyň Weterinariýa we Fitosanitar Gözegçilik boýunça Federal gullugynyň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzoryň» Moskwa şäheri hem-de Moskwa we Tula sebitleri boýunça Müdirligi 270-den gowrak ulagy barlady we Türkmenistandan Moskwa sebitiniň çägine gelen, takmynan, 5 müň tonna täze pomidoryň karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy.

Bütin Russiýa Ösümlik Karantin Merkeziniň (FGBU "VNIIKR") hünärmenleri bu önümleriň karantin fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan barlaghana gözleglerini geçirdiler. Netijede, import edilýän tapgyrlaryň ählisiniň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň karantin we fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini anykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň