Pýotr Pawel Çehiýanyň Prezidentligine saýlandy

09:5230.01.2023
0
20160
Pýotr Pawel Çehiýanyň Prezidentligine saýlandy
Surat: ria.ru

Pýotr Pawel ýurduň ýokary döwlet wezipesinde on ýyl bäri işläp gelýän 78 ýaşly Miloş Zemany çalşar diýip, «Informburo.kz» ýazýar.

Otstawkadaky general Pýotr Pawel Prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öz bäsdeşi, milliarder we Çehiýanyň öňki premýer-ministri Andreý Babişden üstün çykmagy başardy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça onuň sesleriň 58, Andreý Babişiň 42 göterimini alandygyny belli boldy.

61 ýaşly Pawel Çehiýanyň 1993-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanandan bäri dördünji Prezidenti bolar, syýasatçy öň ýurtda tertip-düzgüni dikeltjekdigini söz beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň