Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa we Aziýa sowuk gyşyň golastyna düşdi

11:1128.01.2023
0
33377
Ýewropa we Aziýa sowuk gyşyň golastyna düşdi
Surat: azertag.az

Ýewropany gyş sowugy gaplap aldy, häkimiýetler ýerli ýaşaýjylara şeýle ýakymsyz pasyly aman geçmekde ýardam etmäge çalyşýarlar. Lissabonda öýsüzler üçin ýörite ýylanmak üçin merkezler hereket edýär, emma kähalatda adamlary ol ýerlere barmaga ynandyrmak kyn düşýär diýip, «Euronews.com» ýazýar.

Gresiýada hem güýçli gyş harasaty höküm sürýär, ýurduň Afiny şäheridir beýleki ülkelerine ýagan çabgalar sil joşgunlaryny döretdi, polisiýa adamlary mümkin boldugyça öýde galmaga ynandyrmaga çalyşýar.

Aziýa ýurtlary-da ýowuz gyşy başdan geçirýär. Ýaponiýanyň demirgazyk we gündogar etraplaryna gar ýagdy, bu bolsa jahankeşdeler üçin çynlakaý kynçylyklary döretdi.

Güýçli aýazlardyr çapgyn ýeller Günorta Koreýadan sowlup geçmedi, kä ýerlerde garyň galyňlygy 70 santimetre ýetdi.

Arap ýarymadasyna hem gyşyň sowuk demi ýetdi, Omanyň daglarynda bu ülkeler üçin juda seýrek ýagdaý bolan gar ýagmagy dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň