«Bloomberg»: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy

17:0527.01.2023
0
39186
«Bloomberg»: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy
Surat: google.com

Amerikanyň enjam we programma üpjünçiligini öndürýän IBM kompaniýasy işgärleriniň 3,9 müňüsini işden boşatmakçy bolýar diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda işgärleriň kemeldilmeginiň kompaniýanyň ähli işgärleriniň 1,5 göterimine galtaşjakdygy aýdylýar, bu tutum IBM üçin 300 million dollara düşer.

ABŞ-nyň Işewürlik ykdysadyýeti milli assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda amerikan kompaniýalarynyň 20 göterime golaýy ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda işgärleriniň sanyny kemeltmekçi bolýar. Mysal üçin, «Goldman Sachs» banky eýýäm 3,2 müň işgärini azaltmaga girişdi.

Öň işgärlerini azaltmak barada «Microsoft» korporasiýasy (maksatnamada 11 müň adama çenli) hem-de «Google» gözleg ulgamynyň eýesi bolan «Alphabet» holdingi (12 müň adam) habar beripdi. Bu barada «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň