Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Seuldaky täze ilçisi Koreýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

13:1427.01.2023
0
46156

Penşenbe güni resmi taýdan işe girişen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada «Yonhap News» ýazýar.

Şahadatnamalary gowşurmak dabarasy Seuldaky Prezident rezidensiýasynda geçirildi.

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowiň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Begenç Orazmyradowiç Durdyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Begenç Durdyýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryna Rýu Jongýuna gowşurdy we resmi taýdan öz wezipesine girişdi.

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak karary 2013-nji ýylyň tomsunda kabul edildi. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň