Turkmenportal logo
25.07.22
1228812288
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna täze ilçi belledi
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowiň şu gün gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Begenç Orazmyradowiç Durdyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle-de ol Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ilçileri wezipä bellemek we başga wezipä geçirmek boýunça resminamalara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Mämmetalyýew başga işe geçmegi sebäpli wezipelerinden boşadylypdy.