Soňky habarlar

Arhiw

Domodedowo howa menzili «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini mälim etdi

12:5327.01.2023
0
66553

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda başlar.

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 1-nji terminaldan çarşenbe we anna günleri uçar.

«T5 704» reýs penşenbe güni sagat 00:15-de Moskwadan asmana galar we (Aşgabat wagty) 06:05-de Aşgabat şäherine gonar.

Penşenbe güni «T5 710» reýs Moskwadan sagat 10:35-de uçup, 16:25-de (Aşgabat wagty) Aşgabat şäherine gonar.

Uçuş wagty 3 sagat 20 minut dowam eder.

Goşmaça maglumatlary anyklamak üçin ýolagçylar Domodedowo howa menziliniň sowal-jogap telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +74959336666.

Aşgabat şäherine göni uçuşlaryň Russiýanyň iki şäherinden — Kazandan we Moskwadan amala aşyryljakdygyny ýatladýarys.

2022-nji ýylyň dekabryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň