Top.Mail.Ru

Arhiw

GDA-nyň ýurtlaryndan bolan talyplar Belarusda ýörişe gatnaşýarlar

17:5526.01.2023
0
64373
GDA-nyň ýurtlaryndan bolan talyplar Belarusda ýörişe gatnaşýarlar
Surat: ctv.by

Minskide Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň söweşen şöhratly ýerleri boýunça «Ýyldyz ýörişi» badalga aldy. Oňa Belarusdan, Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Özbegistandan bolan talyplardyr mugallymlaryň 250-si gatnaşýar diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.

Ýörişe toparlaryň 10-sy gatnaşýar, olar Minsk, Gomel we Mogilýew oblastlary boýunça ýöriş ederler. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen duşuşarlar, uruşda wepat bolan sowet esgerleriniň we parahat ilatyň doganlyk mazarlaryna gül goýarlar. Ussatlyk sapaklaryny, konsert çykyşlaryny gurarlar. «Ýyldyz ýörişi» 27-nji ýanwara çenli dowam eder.

«Daşary ýurtlardan bolan talyplar üçin bu ýöriş biziň umumy taryhymyza goşulyşmakdyr. Birnäçe ýyl mundan öň Gazagystandan bolan talyplarymyzyň biri bu ýerde gelip, garry atasynyň ýerlenen doganlyk mazaryndan toprak alyp gitdi» diýip, M.Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogik uniwersitetiniň rektory Aleksandr Žuk gürrüň berýär.

Belarusyň pedagogik uniwersitetiniň başlangyjy boýunça «Ýyldyz ýörişi» 1966-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň